TFF Merwiň täze transferleri barada maglumat berdi

TFF Merwiň täze transferleri barada maglumat berdi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web saýty Marynyň Merw futbol toparynyň düzümine täze goşulan futbolçylar barada habar berdi.

Ozal hem ýazylyşy ýaly, Gyrgyzystanyň Neftçi futbol toparynyň hüjümçisi Myrat Ýagşyýew indi futbol ýoluny Merwde dowam eder.

Şeýle hem topar Ahalyň goragçysy Şazada Bäşimow bilen Energetik toparynda çykyş eden Aly Sytdyhowy düzümine goşdy.

Mundan başga-da, “Merw” topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesi bilen şertnama baglaşdy.

Ýeri gelende bellesek, Mary şäheriniň Merw topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň jemi boýunça geçiren 8 duşuşygynda toplan 5 utugy bilen ýaryş tertibinde 8-nji orny eýeleýär. Merw 15-nji awgustda Gyrgyzystanyň Alaý futbol topary bilen AFK-nyň kubogynyň saýlama duşuşygyny geçirer.

Ýene degişli makalalar

Halypalara sarpa
Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň iň gowy işleri sergi-bäsleşikde görkezildi
Bakygeldi Sytdyhow: häzirki zaman türkmen žiwopisiniň özboluşly wekili
Halk saz gurallary
Çeperçilik akademiýasynda 2019-njy ýylyň iň güýçli işleriniň sergisi guraldy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi