TFÇ ― 2024: Merw bilen Nebitçi 900-nji duşuşygyny geçirdi

TFÇ ― 2024: Merw bilen Nebitçi 900-nji duşuşygyny geçirdi

13-nji tapgyrda Mary şäheriniň Merw we Balkanabadyň Nebitçi futbol toparlary Ýokary ligadaky ýubileý duşuşygyny geçirdi. Bu barada Janköýer habar berýär.

Iki topar hem bu tapgyrda türkmenistanyň çempionatynda 900-njy gezek meýdana çykdylar. Ýokary liganyň ähli möwsümlerinde yzygiderli çykyş edip gelýän bu iki topar çempionatyň iň kän duşuşyk geçiren agzalarydyr. Ikinji orundaky Şagadamyň 835 duşuşygy bar.

Üçünji orny bolsa Ahal futbol topary eýeleýär. Ahal şu tapgyrda milli çempionatymyzdaky 692-nji duşuşygyny geçirdi.

Gynansak-da, iki topar hem ýubileý duşuşygyny ýeňşe besläp bilmedi. 900-njy duşuşygynda Nebitçi öz janköýerleriniň öňünde Altyn Asyrdan 0:5, Merw bolsa myhmançylykda Köpetdagdan 0:2 hasabynda utuldy.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2024: ýaryş tertibi, 19-njy tapgyryň geçiriliş tertibi
27-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň futbol çempionaty Energetiksiz dowam eder