
Düýn Türkmenbaşy şäherinde ýerli Şagadam Aşgabadyň Köpetdag toparyny kabul etdi. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda ýer eýeleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Duşuşykdaky ýeke-täk goly 11 metrlik jerime urgusyndan Mekan Aşyrow geçirdi. Ol 80-nji minutda tamamlandy.
Bu ýeňişden soň Şagadam utugyny 18-e çykaran hem bolsa, tapgyrdaky Mary derbisinde Merwiň hem ýeňiş gazanmagy bilen ýene-de bäşinji orunda galdy. Ýöne Şagadamyň bir duşuşygy az geçirendigini aýtmak gerek.
9 utukly Köpetdag bolsa ýene-de sekizinji orunda galmaly boldy.
14-nji we 15-nji maý günlerinde geçiriljek 15-nji tapgyrda Şagadam Energetigiň myhmany bolar, Köpetdag bolsa Arkadag toparyny kabul eder.