Aşgabadyň Köpetdag futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň dowam edýän möwsümindäki ikinji ýeňşini gazandy. Topar 13-nji tapgyryň çäginde Marynyň Merwini kabul edip, 2:0 hasabynda üstün çykdy.
Merwi möwsümdäki altynjy utulyşyna uçradan duşuşykda Köpetdag iki goluny hem soňky 20 minudyň dowamynda geçirdi. 73-nji minutda Batyr Täçnazar tapawutlanan bolsa, 84-nji minutda Süleýman Mirzoýew gazanylan ýeňiş has berkitdi.
Gazanylan ýeňiş Köpetdagy azda-kände bolsa-da umytlandyrdy. Utugyny 9-a çykaran topar Nebitçi bilen aralygy 3 utuga çenli ýygyrdy.
18 utukda galan Merw bolsa dördünji basgançakdaky ýerini goran hem bolsa, öňdäki üçlükden utuk babatynda üzüldi. Indi ikinji we üçünji orunlary paýlaşýan Ahal hem-de Altyn asyr bilen Merwiň aralygynda 6 utuklyk tapawut bar.
Ähli duşuşyklary 11-nji maýda geçiriljek 14-nji tapgyrda Köpetdag Şagadamyň myhmany bolar, Merw bolsa Mary derbisinde Energetigi kabul eder.