
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň çäginde düýn paýtagtyň Nusaý stadionynda Şagadamy kabul eden Aşgabat möwsümde bäşinji ýeňşini gazandy.
13-nji tapgyryň çäginde geçirilen duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 39-njy minutda Şatlyk Gurbanow geçirdi. Aşgabada nobatdaky ýeňşini getiren futbolçy möwsümdäki gollarynyň sanyny hem 5-e çykaryp, iň netijeli oýunçylaryň sanawynda ilkinji dörtlüge girmegi başardy.
Gazanylan ýeňiş Aşgabady ýaryş tertibinde bäşinji orna göterdi. Indi Aşgabadyň 16, altynjy orundaky Şagadamyň bolsa 15 utugy bar.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 13-nji tapgyry şu gün geçiriljek Köpetdag ― Merw, Ahal ― Arkadag we Nebitçi ― Altyn asyr duşuşyklary bilen tamamlanar.