TFÇ ― 2024: Arkadag Ýeňiş gününi ýeňiş bilen garşylady

TFÇ ― 2024: Arkadag Ýeňiş gününi ýeňiş bilen garşylady

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde bassyr 11-nji ýeňşini hem gazandy. Topar düýn myhmançylykda Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Ahalyny 4:0 hasabynda ýeňdi.

Altymyrat Annadurdyýewiň iki gezek tapawutlanan duşuşygynda ýeňiji toparyň beýleki iki goluny Didar Durdyýew bilen Begenç Akmämmedow geçirdi.

Duşuşykdaky goşa goly bilen Altymyrat Annadurdyýew iň netijeli futbolçylaryň sanawynda birinji orna geçdi. Indi onuň hasabynda 13 gol bar.

11 duşuşykda 33 utuk toplan Arkadag topary bu ýeňiş bilen ýaryşdaky iň ýakyn bäsdeşlerinden 9 utuk öňe saýlanyp, liderligini dowam etdirýär. Ikinji orundaky Ahal bolsa möwsümdäki dördünji utulyşyndan soň 24 utukda galdy.

Ahala 14-nji tapgyrda güýçli garşydaş garaşýar. Topar 11-nji maý güni Altyn asyryň myhmany bolar. Şol duşuşykda ýeňiji bolan topar ýaryş tertibinde ikinji ornuň ýeke-täk eýesi bolar.

Arkadag topary bolsa indiki tapgyrda Aşgabady kabul eder.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TFF 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemlerini jemledi
Ýurdumyzyň täze çempiony “Ahal”
Arkadag topary Nebitçini 5:0 hasabynda utdy
TÝL ― 2023: 6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar