TFÇ ― 2024: Arkadag topary 14-nji ýeňşini gazandy

TFÇ ― 2024: Arkadag topary 14-nji ýeňşini gazandy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli çempionatyň Ýokary ligasynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklary barada habar berdi.

Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy Arkadag topary bu tapgyrda öz meýdanynda Energetik topary bilejn duşuşyp, 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Çempionatdaky bassyr 14-nji ýeňşini gazanan Arkadag şäheriniň adybir topary toplan 42 utugy bilen ýaryş tertibinde ynamly ýagdaýda birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Ýaryş tertibiniň ikinji topary paýtagtymyzyň Altyn asyry bu tapgyryň çäginde Köpetdag toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykyp, ikinji orny eýelemegini (31 utuk) dowam edýär. Toplan 28 utugy bilen üçünji orny eýeleýän Ahal topary bu tapgyrda duşuşyk geçirmedi.

Ýaryş tertibinde dördünji hem-de bäşinji orunlarda barýan Şagadam bilen Merw toparlarynyň arasyndaky duşuşyk ýer eýeleriniň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda Nebitçi Aşgabat toparyny ýeňlişe sezewar etdi 2:0.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň duşuşyklary 22-nji maýda geçiriler: Aşgabat Ahal, Köpetdag Nebitçi, Merw Arkadag, Energetik Altyn asyr.

Nebitçi Aşgabat 2:0

Gollar: 42 Myratdurdy Baýramow, 44 Serdar Gulyýew.

Altyn asyr Köpetdag 1:0

Gol: 78 Serdar Annaorazow.

Arkadag Energetik 6:0

Gollar: 30 Resul Hojaýew, 35 Saparguly Arzuwgulyýew, 47, 49 Didar Durdyýew, 51 Begmyrat Baýow, 77 Mekan Saparow.

Şagadam Merw 3:0

Gollar: 60 Ambýar Mahmudow (öz derwezesine), 74 Mekan Aşyrow, 86 Arslan Ýollyýew.

Çempionatyň tablisasy:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Saz eýlese dutar-gyjak
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy