
Ozal hem habar berşimiz ýaly, 14-nji we 15-nji maý günleri Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynda 15-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Olarda Ahal Nebitçiden 4:0, Şagadam Energetikden 3:1, Arkadag Köpetdagdan 5:1, Altyn asyr bolsa Aşgabatdan 4:1 hasabynda üstün çykdy.
Bu netijelerden soňra çempionatyň ýaryş tertibinde hem käbir özgertmeler bolup geçdi. 10-njy tapgyryň çäginde Türkmenbaşy şäherinde geçiren jedelli duşuşygyndan soňra tehniki taýdan ýeňiş gazanmak hukugy berlen Altyn asyr şol ýeňşiň we şu tapgyrdaky üstünligiň netijesinde ýaryş tertibinde ikinji orna göterildi. Tapgyrda ýeňiş gazanandygyna garamazdan, Ahal üçünji orna düşdi.
Şeýle hem ýaryşyň dördünji we bäşinji orunlaryny eýeleýän toparlar hem ornuny çalyşdylar. Şu tapgyra çenli dördünji orunda gelen Merw tapgyrda dynç aldy. Mary şäherinde Energetigi ýeňen Şagadam bolsa utugyny Merwiň utugy bilen deňläp, dördünji orna göterildi.
Ýaryşyň doly tertibi aşakdaky ýaly: