TFÇ ― 2024: Ahal Altyn asyr bilen duşuşykdaky üstünligini gorap bilmedi

TFÇ ― 2024: Ahal Altyn asyr bilen duşuşykdaky üstünligini gorap bilmedi

Düýn paýtagtyň Büzmeýin etrabyndaky 10 müň orunlyk sport toplumynda Altyn asyr we Ahal toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Dört gol geçirilen duşuşykda ýeňiş gazanan tarap bolmady.

Ahal 47-nji minuda çenli Elman Tagaýewiň we Meýlis Diniýewiň geçiren gollary bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligini duşuşygyň ahyryna çenli gorap bilmedi. 66-njy minutda Myrat Annaýewiň dürs peýdalanan 11 metrlik jerime urgusy bilen hasaby ýygran Altyn asyr 84-nji minutda Ahalyň jerime meýdançasyndaky dartgynly pursatlarda Ata Geldiýewiň öz derwezesine pökgi geçirmegi bilen hasaby deňledi. Şeýlelikde, duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Eger ykbaly heniz çenli çözülmedik Şagadam ― Altyn asyr duşuşygyndaky (Altyn asyr 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp durka, duşuşyk ýatyryldy) netijäni hem goşsak, onda iki topar hem utugyny 25-e çykardy. Türkmenbaşy şäherindäki duşuşygyň ykbaly çözülmedik hasap etsek bolsa, Ahalda 25, Altyn asyrda bolsa 22 utuk bar. Bu toparlar ýaryş tertibinde birinji we ikinji orunlary paýlaşýarlar.

15-nji tapgyrda Ahal Nebitçini kabul eder, Altyn asyr bolsa Aşgabadyň myhmany bolar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy geljek tapgyryň duşuşyklarynyň 14-nji we 15-nji maýda geçiriljekdigini habar berýär.

Altyn asyr Ahal 2:2

Gollar: 66 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew, 84 Ata Geldiýew, öz derwezesine 16 Elman Tagaýew, 47 Meýlis Diniýew.

Ýene degişli makalalar

AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
Serdar Geldiýew: Ähli toparlarda toparçadan çykmak üçin mümkinçilik bar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat Deli ugry boýunça uçuş tertibini üýtgetdi, görnükli türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligi Nýu-Meksiko uniwersitetinde ara alnyp maslahatlaşyldy we beýleki habarlar