TFÇ ― 2024: 14-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibindäki ýagdaý

TFÇ ― 2024: 14-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibindäki ýagdaý

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynda 14-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu duşuşyklarda Şagadam Köpetdagy, Merw bolsa Energetigi 1:0, Arkadag Aşgabady 7:1 hasabynda ýeňdi, Altyn asyr bilen Ahalyň arasyndaky duşuşyk bolsa 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Yzda galan 14 tapgyrda 12 duşuşyk geçiren Arkadag futbol topary bu duşuşyklaryň ählisinde ýeňiş gazanyp, 36 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Hut, 14-nji tapgyrda Arkadagyň Ýokary liganyň şu möwsüminde 60 gol geçiren ilkinji topar bolandygyny hem aýtmak gerek.

Altyn asyrdan rüstemligi duşuşygyň ahyrky ýarym sagadyndan elinden gidiren Ahal 25 utuk bilen ikinji orunda, üçünji orunda bolsa 22 utukly Altyn asyr bar.

Mary derbisinde ýeňiş gazanan Merw utugyny 21-e çykaryp, Altyn asyr bilen aralygy 1 utuga çenli ýygran bolsa, Şagadam tapgyrda Aşgabadyň utulmagy bilen bäşinji orna göterildi. 16 utukly Aşgabat bolsa Şagadamyň ornuna ― altynjylyga düşdi.

Ýaryşyň ahyrky orunlarynda üýtgeşme bolmady. 12 utukly Nebitçi ýedinji, 9 utukly Köpetdag sekizinji, 2 utukly Energetik bolsa dokuzynjy orunda.

Çempionatyň tablisasy:

Ýene degişli makalalar

27-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2024: 19-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2024: ýaryş tertibi, 19-njy tapgyryň geçiriliş tertibi
TFÇ ― 2024: Arkadag topary 14-nji ýeňşini gazandy