
Türkmenistanyň Altyn asyr ýa-da Merw futbol toparlarynyň ikiden biri AFK-nyň kubogynda toparçadan çykyp bilen bolsa, sebitara ýarym finalda Taýwana wekilçilik edýän toparyň garşydaşy boljak eken.
Gyrgyzystanyň Abdyş-Ata futbol topary türkmenistanly garşydaşlarynyň ikisinden hem üstün çykyp, ýaryşyň bu tapgyrynda Taýwanyň Taýçung Futuro toparynyň garşydaşy boldy.
Bije çekişlik täze ýylyň öňüsyrasynda AFK-nyň Malaýziýadaky ştab-kwartirasynda geçirildi.
Türkmenistanly futbolçy Teýmur Çaryýew we topardaşlary sebitara ýarym final duşuşyklaryny öýde-myhmançylykda görnüşinde 6-njy ýa-da 7-nji we 13-nji ýa-da 14-nji mart günlerinde geçirerler.