
13-nji awgustda futbol boýunça Gyrgyzystanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçiriler. Arzly kubok üçin Kant şäheriniň Abdyş-Ata we Jalal Abad şäheriniň Muras-Ýunaýted toparlary duşuşar.
Duşuşygyň geçiriljek ýeri we başlanjak wagty barada goşmaça habar berler.
Abdyş-Atada şu ýylyň mart aýyndan bäri türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýewiň hem çykyş edip gelýändigini ýatladýarys.
Ýarym final duşuşyklarynda Abdyş-Ata Alaýdan (0:0, 1:1), Muras-Ýunaýted bolsa Kara-Baltadan (4:1, 1:0) üstün çykdy.
Gyrgyzystanyň Futbol kubogynyň häzirki eýesi Abdyş-Ata toparydyr. Düzümi türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarowly topar geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen final duşuşygynda Koçkar-Ata şäheriniň Neftçisini 1:0 hasabynda ýeňipdi.