Teýmur Çaryýewiň Abdyş-Atasy Gyrgyzystanyň Kubogynyň deslapky ýarym final oýnunda Alaý bilen deň oýnady

Teýmur Çaryýewiň Abdyş-Atasy Gyrgyzystanyň Kubogynyň deslapky ýarym final oýnunda Alaý bilen deň oýnady

Futbol boýunça Gyrgyzystanyň Kubogynyň deslapky ýarym final oýnunda Abdyş-Ata öz öýünde Alaýy kabul etdi. Kant şäherindäki Nitro Arena stadionynda bolup geçen oýun 0:0 hasabynda tamamlandy.

Abdyş-Atanyň düzüminde hereket edýän türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýew esasy 11-likde meýdança çykyp, duşuşykda doly hereket etdi.

Abdyş-Atanyň oýunçylary duşuşygyň öňýanyndaky türgenleşige toparyň hüjümçisi Nurmat Sakebaýewi goldamak üçin niýetlenilen ýörite köýnekçelerde çykdylar.

Gyrgyzystanyň Kubogynyň beýleki ýarym final jübütiniň arasyndaky deslapky oýunda Kara-Balta öz öýünde Muras Ýunaýtedi kabul edip, 1:4 hasabynda ýeňlişe sezear boldy.

Ýaryşyň ýarym finalynyň jogap oýunlary 15-16-njy iýul günlerinde, final duşuşygy bolsa 31-nji awgustda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Gyrgyzystanyň Kubogynyň häzirki eýesi Abdyş-Ata hasaplanýar. Bu topar geçenýaryşyň ýylky final oýnunda Neftçini 1:0 hasabynda ýeňip, Gyrgyzystanyň Kubogyna we AFK Kubogynyň ýollanmasyna eýe çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Süleýman Muhadow Alaýyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygyna çykdy
Türkmenistanly hüjümçi Gyrgyzystanyň çempionatynda bir duşuşygyň iň gowy futbolçysy saýlanyldy
Süleýman Muhadow "Alaý" topary bilen şertnama baglaşdy
25-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy, Türkmenistan Asiavision guramasynyň iň işjeň agzalarynyň hatarynda ilkinji 10-luga girdi we beýleki habarlar
Merwiň Hujanda garşy nähili köýnekçede oýnajakdygy belli boldy