Teýlor Swiftiň aýdymlary uniwersitetde öwreniler

Teýlor Swiftiň aýdymlary uniwersitetde öwreniler

Ostindäki Tehas uniwersiteti amerikaly aýdymçy zenan Teýlor Swiftiň aýdymlarynyň sözlerini öwrenmek boýunça ders açdy diýip, Page Six portaly habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Dersi iňlis dili we edebiýaty professory Elizabet Skala alyp barar. Resmi taýdan ol Edebi jedeller we kontekstler: Teýlor Swiftiň aýdymlarynyň kitaby diýlip atlandyrylar.

Aýdymçynyň sözleriniň iňlis edebiýatynyň nusgawy wekilleri Jeffri Çoseriň we Uilýam Şekspiriň, Köl mekdebi diýlip atlandyrylýan edebi ugruň wekili Semýuel Kolrižiň, şeýle hem amerikan ýazyjysy Robert Frostuň eserleri bilen bir hatarda öwreniljekdigi täsindir.

Professor Elizawet Skala aýdymçy Teýlor Swiftiň örän gyzykly we çuň manyly şygyrlarynyň bardygyny hem-de olar talyplar tarapyndan öwrenilmäge mynasypdygyny aýdýar. Ol aýdymçynyň döredijiligi bilen onuň aýdymlarynyň muşdagy bolan gyzynyň kömegi bilen tanşandygyny gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Iň girdejili syýahat
Teýlor Swift aýdymlary iň köp satylýan aýdymçy boldy
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Täze Bewerli-hillzli poliseý filminiň treýleri çykdy
Time žurnaly aýdymçy Teýlor Swifti ýylyň adamy diýip yglan etdi
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
Ýylyň adamy saýlandy