Aýdym-saz karýerasy birnäçe baýrakdan doly bolan, metbugat sahypalarynda soňky ýyllarda has köp ady agzalýan amerikaly meşhur aýdymçy zenan Teýlor Swift milliarderleriň hataryna girdi. “Bloomberg Milliarderler indeksiniň” täze hasabatyna görä, 33 ýaşyndaky ýaş aýdymçynyň arassa girdejisi 1,1 milliard dollara ýetdi.
Swiftiň 17-nji martdan başlan dürli ýurtlarda beren konsertleri girdejisini artdyrdy. Şeýle hem 13-nji oktýabrda aýdymçynyň “Taylor Swift: The Eras Tour” atly konsert filmi prokata çykdy.
Mundan ozal, Rihanna, Jaý Z we Beýonse ýaly aýdymçylar milliarderler sanawyna goşulypdy.
“Grammy” baýragynyň eýesi bolan aýdymçynyň karýerasynda köp sanly abraýly baýraklar we rekordlar bar. Şeýle hem Swiftiň ozalky albomlaryny “Taylor’s Version” ady bilen gaýtadan ýazgy edip, 1989 ady bilen muşdaklaryna ýetirdi. Albomyň ady onuň doglan ýylyny görkezýär.