
Las Wegas ştatynyň resmileri Tramp myhmanhanasynyň önünde duran “Tesla Kibertrakyň” partlamagy boýunça derňew işini dowam etdirýär.
Ilkinji netijeler sürüjidigi çaklanylýan Matýu Liwelsbergeriň ulag partlamazdan öň janyna kast edendigini görkezýär.
2006-njy ýyldan bäri Amerikan goşunynyň hatarynda işlän Liwelsbergeriň ilki Owganystanda gulluk edendigi we Ukraina hem-de Gruziýa ýaly ýurtlarda-da işländigi beýan edilýär.
Federal howpsuzlyk gullugy bu waka bilen Täze ýyl güni Nýu Orleans ştatynda başdan geçirilen hüjümiň arasynda baglanşygyň bolmandygyny beýan etdi.