Amerikan elektromobil öndürijisi Tesla Inc. sentýabr aýynda Şanhaýdaky kärhanasyndan elektromobil üpjünçiligini zawod kämilleşdirilenden soň rekord derejä ýetirdi. Bu barada Interfax.ru habar berýär.
Hytaýyň ýolagçy awtomobilleriniň assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatlaryna görä, Tesla-nyň elektromobil iberişi awgust aýy bilen deňeşdirilende 8% ýokarlanyp, 83 135 birlige ýetdi, bu bolsa 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Şanhaýda önümçilik başlanandan bäri iň ýokary görkeziji boldy. 2022-nji ýylyň iýul aýynda amerikan HBS-i kompaniýanyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin kärhananyň işini togtadýandygyny habar berdi.
Sentýabr aýynda Hytaýyň BYD Co.kompaniýasy HHR-de iň uly elektromobil öndürijisi hökmünde Tesla-dan öňe geçdi.BYD geçen aý bazara tas 95 müň elektromobil iberdi bu bolsa awgust aýy bilen deňeşdirilende, 14% köpdür.
Gibrid hereketlendirijili awtomobilleri hasaba almak bilen üpjünçilik 201 müň birlik boldy.BYD-yň bu görkezijileriniň ikisi-de rekord boldy.