Iki ýyl ozal “Polestar” brendini satyn alan Şwesiýanyň “Volvo” kompaniýasy ýokary kuwwatlykly elektroulagy öndürjekdigini mälim etdi.Kompaniýa özüniň ilkinji elektroulagy “Polestar 1”-i köpçülige görkezdi. “Volvo” 2019-njy ýylda iki täze elektroulagy satuwa çykarmagy maksat edinýär. 2015-nji ýylda “Volvo” kompaniýasynyň satyn alan “Polestar” şereketi 80 müň ulag öndürmegi maksat edinýär.
Hytaýyň Şanhaý şäherinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirilen “Polestar 1” gibrid görnüşli bolar.Kuwwaty 600 at güýjüne barabar bolan elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendirijisi bilen 150 kilometre çenli ýol geçip bilýär.
Bu görkeziji häzirki wagtda bar bolan ähli gibrid ulaglardan has ýokarydyr.Ulagyň öň tarapynda 2 litr göwrümli dört silindrli benzin bilen işleýän turbo hereketlendiriji hem-de kuwwaty 44 at güýjüne barabar elektrik energiýasy bilen işleýän motor bar.
Yz tarapyndan bolsa, kuwwaty 102 at güýjüne barabar iki sany elektrik energiýasy bilen işleýän motor bar.Ulagyň duruzyjy ulgamyny “McLaren” ýaryş ulaglaryny ätiýaçlyk şaý-sepleri bilen üpjün edýän “Akebono” ýapon firmasy öndürer.
Gibrid ulagyň 2019-njy ýyldan soňky modelleri tutuşlygyna elektrik energiýasy bilen işlär. “Volvo” brendine häzirki wagtda Hytaýyň “Geely” kompaniýasy eýeçilik edýär.Täze model üçin ilkinji nobatda 6,2 milliard dollar sarp ediler.
Bu maýa goýumyň bir bölegi Hytaýyň Çendu şäherindäki zawodyň gurluşygy üçin sarp ediler.