Tesla-nyň bazary ösýär

Tesla 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-da sanawda özünden soň gelýän öňdebaryjy 18 kompaniýany bilelikde alandakydan hem has köp elektroulag satdy. Netijede, Tesla ABŞ-daky elektroulag bazarynyň 63%-e golaýyny eýeledi.

Model Y krossoweri iň köp satylan model bolup galdy, ondan soň Model 3 gelýär. Iň meşhur elektroulaglaryň arasynda Chevrolet Bolt EUV, Volkswagen ID. 4 we Chevrolet Bolt öňe saýlanýar.

Umuman alanyňda, ABŞ-da elektroulag satuwy birinji çärýekde birnäçe ulaglara (Tesla-ny hem goşmak bilen) 7 müň 500 dollara çenli bolan salgyt subsidiýasynyň girizilmegi bilen, 79% ösdi. Şol bir wagtyň özünde bu artykmaçlyklar Hyundai, Nissan, BMW, Audi we Volvo ýaly awtoulaglara degişli däldir.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Bäsdeşlerinden ozdy
Amerikanyň elektromobil bazary dünýäde ikinji orna çykdy
Iň geçginli elektroulag
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Ilkinji “iPhone” rekord bahadan satyldy