Terrorizme Garşy Göreş Gün Tertibinde Galmaga Dowam Edýär

Terrorizme Garşy Göreş Gün Tertibinde Galmaga Dowam Edýär

Şentopyň ýer eýeçiliginde Antalýanyň Belek syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Terrorizme garşy göreş we sebitleýin arabaglanşygyň güýçlendirilmegi” boýunça Parlamentleriň başlyklarynyň 4-nji maslahaty öz işine başlady.

“Biziň terrorçymyz “gowy”, seniň terrorçyň “erbet” düşünjesiniň kabul edilmesizdigine ünsi çeken Şentop, terrorizmiň ähli görnüşine garşy göreşiň şol bir egilşiksizlik bilen dowam etdirilmelidigini aýtdy.

Bu kynçylykly we çylşyrymly göreşde iki standartlylykdan çetde durulmalydygyny gürrüň beren Şentop; “Haýsydyr bir terror guramasy beýleki bir terror guramasyna garşy göreşe şärik bolup bilmez. Eýsem, terror guramalarynyň arasynda tapawutly syýasat alyp barylmagynyň howpsyzlyk taýdan ýaramaz netijeleriniň boljakdygy ikiuçsyzdyr” diýdi.

Türkiýäniň şol bir wagtda PKK/PÝD/ÝPG, FETÖ, DAİŞ we Al Kaýda ýaly ençeme terror guramalaryna garşy göreşýändigini beýan eden Mejlisiň Başlygy Şentop, halkara parahatçylyga we howpsyzlyga esasy howp hökmünde kabul edilýän terrorizmiň ähli görnüşleri bilen Türkiýe üçin uzak ýyllardan bäri howp we alada döredýändigini aýtdy.

Şentop, tapawut goýmazdan ähli terror aksiýalaryna we guramalaryna garşy göreşi egilşiksiz dowam etidirýändiklerine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan FETÖ Garşy Göreşiň Dowam Etjekdigini Aýtdy
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
“Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder”