Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Bu barasynda howpsuzlyk çeşmelerine esaslanylýan habarda beýan edilýär.

Milli howpsuzlyk guramasynyň geçirýän işlerinde; “Terrordan gözlenýänleriň sanawynda çal topara degişli bolan we PKK/ÝPŽ-niň Amude sebitiniň jogapkäri diýilýän “Žinda Gundigramo” kodly terrorçy Hezal Belgäniň Türkiýede janly bomba aksiýasyny meýilleşdirýändigini anyklandy.

Milli howpsuzlyk guramasynyň sanawynda durýan Belge birnäçe aksiýa synagyny howpsuzlyk güýçlerinin Türkiýedäki işjeň öňüni alyjy çäreleri sebäpli her gezeginde yza süýşürdi.

Soňky gezek Amudede bolandygy anyklanan terrorçy Belge, geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrorçynyň Siriýanyň halkynyň terror guramasyna goşulmagy üçin propoganda işlerini alyp barýandygy hem anyklandy.

Terror guramasynyň çetki etraplardaky işlerine 2004-nji ýylda goşulan terrorçy Belge, Yragyň demirgazygynda uzak ýyllaryn dowamynda PKK/KJK-niň hamala jogapkär ýolbaşçysy bolup, iş alyp bardy.

Soňky ýyllarda Siriýa geçip, guramanyň PKK/ÝPŽ-nin jogapkäri hökmünde iş alyp baran Belge, 2021-nji ýyldaky çaknyşykda kellesinden ýaralandy.

Yragyň Süleýmaniýe şäherinde bejergi alandan soň Siriýa dolanan Belge, PKK/ÝPG-niň Amude sebitiniň jogkäri diýilýän wezipäni ýerine ýetirýärdi.

Ýene degişli makalalar

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär