Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Yragyň demirgazygyndaky Metina, Zap, Gara, Hakurk, Kandil we Asos etraplaryna guralan howa operasiýalarynda soňky 4 günde ekstremist terror guramasy PKK-nyň 27 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli goranmak ministrliginden “Terror öýjüklerine Mehmetjik pençesi” söz başysy bilen berilen beýannamada; “2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Yragyň demirgazygyndaky Metina, Zap, Gara, Hakurk, Kandil we Asos etraplaryndaky terror pozisiýalaryna guralan howa operasiýasynda ilkinji kesgitlemelere görä azyndan 20 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýle hem Yragyň demirgazygyndaky Hakurk etrabyna guralan howa operasiýasy bilen 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelikde soňky 4 günde Yragyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirilen PKK terrorçylarynyň sany 27-ä ýetdi” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

2 Terrorçy Howpsuzlyk Güýçlerine Boýun Egdi
PKK/ÝPG-li 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär