Terrorçylykly Hüjümde 5 Adam Şehit Boldy

Terrorçylykly Hüjümde 5 Adam Şehit Boldy

Paýtagt Ankarada Türk Awiasiýa we kosmos senagaty firmasy TUSAŞ-a guralan terrorçylykly hüjümde 5 adam şehit boldy.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Kazan etrabynda ýerleşýän TUSAŞ-a Türkiýe wagty bilen 15.26-da guralan terrorçylykly hüjümde 5 adamyň ýogalandygyny, ýaralanan 22 adamdan 3-niň bejergisiniň tamamlanandygyny mälim etdi.

Ministr Ýerlikaýa, hüjümi guran biri zenan 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatlatdy.

“Terrory näletleýäris” diýen Ýerlikaýa, terrorçylaryň şahsyýetleriniň anyklanjakdygyny, ilkinji görkezijileriň hüjümiň terror guramasy PKK tarapyndan guralandygyny görkezýändigini belledi.

Ministr Ýerlikaýa, “Milli jebisligimizi we doganlygymyzy nyşana alanlary dolulygyna ýok ederis. Döwletimiz ähli terror guramalarynyň hötdesinden geler” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň Manbij etrabynda terrorçylykly hüjüm guraldy
Katar Manbiçde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi Ankarada Geçirildi
Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Siriýadan Türkiýä Taryhy Sapar Guraldy
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”