“Terrorçylar Şu Gün Irden 13 Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady”

“Terrorçylar Şu Gün Irden 13 Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, rus güýçleri tarapyndan ertiriň irki sagatlarynda Ukraina garşy atylan 13 uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.

Zelenskiý, Telegramdan beren wideo ýüzlenmesinde, rus goşunynyň ertiriň irki sagatlarynda Ukraina 13 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny nygtady.

Zelenskiý “Terrorçylar şu gün irden Eýranda öndürlen 13 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady. Uçarmansyz howa ulaglarynyň 13-i hem Ukrainanyň howa goranyş ulgamy tarapyndan hatardan çykaryldy”diýdi.

Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko, şäherde şu gün ir ertir 10 sany uçarmansyz howa ulagynyň urlup düşürlendigini mälim edipdi.

Kliçko, Telegramdan beren habarnamasynda “ Howa goranyş güýçleri paýtagt Kiýewde jemi 10 sany Shahed kysymly uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdi” diýdi.

Kliçko, ertiriň irki sagatlarynda beren beýannamasynda, paýtagtyň Şewçenskiý etrapçasyndan partlama sesleriniň eşidilendigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Kiýewe Rus Goşuny Tarapyndan Howa Hüjümi Guraldy
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine raketalar bilen hüjüm gurady
Ukraina Güne Partlamalar Bilen Oýandy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde raketaly hüjümler guraldy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär