Terrorçy Zeliha Mahçup Bilen Zeýnep Aslan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrorçy Zeliha Mahçup Bilen Zeýnep Aslan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terror guramasy PKK/KJK-a agza “Mitra Mani” lakamly Zeýnep Aslan bilen “Ekin Dilda” lakamly Zeliha Mahçup Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Hakurk etrapçasynda täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Howpsuzlyk gullugy, terror guramasynyň ýaragly zenan agzalarynyň hatarynda iş alyp barýan terrorçylar Aslan bilen Mahçubyň Türkiýedäki kärhanalara garşy hüjüm guramak üçin ýörite tälim alandyklaryny anyklady.

Türkiýä geçmek üçin taýarlyk görýändikleri anyklanan terrorçylary yzarlan Milli Howpsuzlyk gullugy, Aslan bilen Mahçuby Hakurkda geçiren operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Zenan terrorçylar Aslan bilen Mahçubyň 2025-nji ýylda terror guramasynyň hataryna goşulandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Şiraz Ömer Siriýada Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK/ÝPG-li 23 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi