Terrorçy Seýran Çomak Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrorçy Seýran Çomak Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, Agrynyň Dogubaýazit etrabynda geçirlen “Gürz-7”operasiýasynda gyzyl sanawda gözleýän “Berwar” lakamly terrorçy Seýran Çomagyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ministr Ýerlikaýa sosial mediadan beren habarnamasynda,“Mukaddes watanymyzda terrorçylary dolulygyna ýok ederis. Terror öýjüklerini derbi-dagyn ederis” diýdi.

Ali Ýerlikaýa, Howa güýçleri serkerdeligine degişli uçarlaryň, Atak hüjüm dikuçarlarynyň we Gury ýer güýçlerine degişli ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň goldaw bermeginde Agrynyň Dogubaýazit etrabynda “Gürz-7”operasiýasynyň geçirlendigini nygtady.

Ýerlikaýa, operasiýada 2016-2021-nji ýyllaryň arasynda 29 esgeriň şehit bolmagyna sebäp bolan we 16 hüjümi gönükdiren “Berwar” lakamly terrorçy Seýran Çomagyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Yragyň Demirgazygynda 19 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK/ÝPG-li 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky 1 Hepde-de 73 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Zilan Azak Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky 1 Hepde-de 38 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi