Terrorçy Mesut Jelal Osman Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrorçy Mesut Jelal Osman Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli howpsuzlyk gullugy, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Sinjar etrapçasynda terror guramasy PKK/KJK-nyň ýolbaşçysydygy aýdylýan Mesut Jelal Osmany täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Howpsuzlyk çeşmelerinden berlen beýannama görä, Milli howsuzlyk gullugy ýaşlary ýarag zory bilen guramanyň hataryna alan we türk howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümiň guralmagy üçin görkezme beren Zagros Çekdar lakamly Mesut Jelal Osmanyň 2018-nji ýylda Siriýadan Yraga geçendigini anyklady.

Milli howpsuzlyk gullugy, terror guramasy PKK/KJK-ÝBŞ-nyň Sinjardan jogapkär ýolbaşçysydygy aýdylýan Mesut Jelal Osmany yzarlamaga başlady.

Terrorçy Mesut Jelal Osman Sinjarda, Milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Azad Akynjy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky 1 Hepde-de 73 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK/ÝPG-li 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 16 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Zilan Azak Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi