Terrorçy Hamiýet Ýalçynkaýa Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrorçy Hamiýet Ýalçynkaýa Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Ýurduň içinde gyzyl kategoriýada gözlenýän terrorçy Hamiýet Ýalçynkaýa Şyrnakda täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, 22-nji ýanwarda Besta Giresinumu etrapçasynda geçirlen operasiýada 7 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Beýannamada, 7-nji martda başlan we dowam edýän “Eren Gabaw güýz gyş-26” operasiýasynyň çäginde guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy bolan we gyzyl kategoriýada gözlenýän Leýla Amed lakamly Hamiýet Ýalçynkaýanyň hem täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem sosial mediadan beren habarnamasynda “Durmak ýok. Eren Gabaw Bestler dereler operasiýalarynda Türkiýedäki ýokary derejeli terrorçy bolan Botan Sahadan jogapkär gyzyl kategoriýada gözlenýän Leýla Amed lakamly Hamiýet Ýalçynkaýanyň hem täsirsiz ýagdaýa getirildi. Gahryman esgerlerimizi gutlaýaryn” diýdi.

Beýleki tarapdan Şyrnakda “Eren Gabaw güýz gyş-26” operasiýasynyň çäginde terrorçylara degişli ýarag we ok-däri ele geçirildi.

Ýene degişli makalalar

FIFA ýylyň iň gowularyny saýlady
“FIFA The Best” 2024-iň dalaşgärleri mälim edildi
Dünýäniň iň gowy 50 myhmanhanasy
Muhammed Ali barada serial surata düşüriler
Türkmenistan ÝUNESKO MOWCAP-yň 10-njy mejlisine gatnaşýar
London öňdeligi eýeledi