Prezident R. T. Erdogan, paýtagt Ankarada partiýasynyň mejlis toparynda eden çykyşynda Türkiýeden gaçyp ABŞ-na giden we ol ýerde aradan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy terrorçy dönük Fetullah Gülen hakynda durup geçdi.
Prezident Erdogan “Dönükleriň ýolbaşçysynyň aradan çykmagy bilen şehitlerimiziň hossarlarynyň gam-gussasy az hem bolsa azaldy. Türkiýä dönüklük edenleriň soňynyň nähili boljakdygy görüldi” diýdi.
FETÖ garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini aýdan Erdogan, “Döwletimiziň ähli edaradyr kärhanalary ýurduň içinde ýada daşary ýurtda terror guramasy FETÖ agza dönüklere garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirer. Bu dünýäde eden jenaýatlarynyň, döken ganlarynyň jezasyny çekmeden gitdiler emma o dünýäde jezasyny çekmekden gaçyp bilmezler” diýdi.
Ysraýylyň Gazada we Liwada guraýan hüjümleri hakynda durup geçen Erdogan, “Ysraýylyň Gazada ýakan we Liwanda dowam etdirýän ýangyny serhetlerimize tarap gelýär. Biz şol ýangyna garşy ýaragly güýçlerimizi güýçlendirmäge çalyşýarys” diýip belledi.