Terrorçy Eýýup Ýakut Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrorçy Eýýup Ýakut Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Howpsyzlyk gullugy, Siriýada geçiren operasiýasy bilen ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň ýolbaşçylaryndan biridigi aýdylýan “Amed Dorşin” lakamly terrorçy Eýýup Ýakudy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Howpsyzlyk güýçlerinden berlen beýannama görä, terror guramasynyň hataryna 2010-njy ýylda goşulan Ýakudyň 2013-nji ýylda guramanyň dagdaky toparyna goşulandygy, Türkiýede we Siriýada terrorçylykly hüjümler gurandygy anyklandy.

Terrorçy Ýakudyň 2020-njy ýyldan soň, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda, Türk ýaragly güýçlerine garşy bombaly hüjümler guran toparyň jogapkäri hökmünde Siriýada iş alyp bardygy anyklandy.

Türk ýaragly güýçlerine garşy terrorçylykly hüjümler gurandygy sebäpli terrorçy Ýakut, Milli Howpsyzluyk gullugy tarapyndan yzarlanmaga başlandy.

Siriýanyň Şeddade sebitinde ýaşaýandygy anyklanan terrorçy Ýakut, Milli Howpsyzlyk gullugy tarapyndan geçirlen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ýene degişli makalalar

Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Mahmut Agja Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK/ÝPG-li 23 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Şiraz Ömer Siriýada Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti