
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, terrory gözbaşynda ýok etmek babatynda erjeldigi we tutanýerlidigi habar berildi.
"Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde anyklan PKK-a agza 2 terrorçy bilen Siriýanyň demirgazygynda anyklan PKK/ÝPG-e agza 1 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip bellenen beýanatda, göreşiň islendik howa we meýdan şertlerinde arakesmesiz ýagdaýda dowam etjekdigi mälim edildi.