
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden mesele bilen bagly beýanat berildi.
Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçynyň hüjüm guramak üçin taýýarlyk görýändigi anyklandy.
Terrorçylar geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Beýanatda: "Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky PKK/ÝPG-e agza terrorçylara garşy operasiýalaryny arakesmesiz ýagdaýda dowam etdirýär" diýip habar berildi.