
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Terrorçylaryň gaçyp halas bolup biljek ýerleri ýok, hiç bir ýer olar üçin howpsuz däl" diýip habar berildi.
Beýanatda Siriýanyň demirgazygynda hüjüm guramak üçin taýýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 29 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.
Mundan başgada iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli göreşiň dowam etjekdigi nygtaldy.