Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda 4 terrorçy, Siriýanyň demirgazygynda 5 terrorçy bolmak bilen jemi 9 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda tutanýerlilik ýüzlenmesi berildi.
Beýanatda: "Terrory gözbaşynda ýok etmek üçin duýdansyz, tapawutly, çalt we üznüksiz operasiýalary dowam etdireris" diýip mälim edildi.