Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Türkiyäniň Ýaragly güýçleri milletimizden alýan güýji bilen terrorçylary güýçli ýagdaýda arassalamaga dowam edýär. Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebiti bilen Gara we Metine sebitlerinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrory gözbaşynda ýok etmekden erjeldiris, tutanýerlidiris" diýip habar berildi.