Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde anyklan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Durman, ýadaman göreşmäge dowam ederis. Terrory gözbaşynda ýok etmek üçin öňünden aýdyp bolmajak, adaty däl, çalt we dowamly operasiýalary dowam etdireris" diýip habar berildi.