Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Ýerli we milli güýjümiz bilen terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan edýäris. Yragyň demirgazygynda geçirilen howa operasiýasynyň netijesinde PKK-a agza 23 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrory gözbaşynda ýok etmek boýunça erjeldiris, tutanýerlidiris, başararys" diýip habar berildi.