Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygynda guralan howa operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Yragyň demirgazygynda 2024-nji ýylyň 9-11-nji oktýabr aralygynda geçirilen howa operasiýasynda ilkinji kesgitlemelere görä Gara sebitinde 9 terrorçy we Hakurk sebitinde 5 terrorçy bolmak bilen jemi 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat galkany sebitinde anyklanan PKK/ÝPG-e agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrorçylar üçin hiç bir ýeriň howpsuz bolmandygyny aýdan Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi beýanatynda: "Terrory gözbaşynda ýok etmekde erjeldiris, tutanýerlidiris, başararys" diýip habar berildi.

Beýleki tarapdan bolsa Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy ýene-de bir üstünlikli operasiýa geçirdi.

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň jogapkär ýolbaşçylary bolan Hüseýin Öztürk we Widan Fate, Siriýanyň Tel-Ryfat sebitinde geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

PKK/ÝPG-e agza terrorçylar Zeýtun Şahajygy sebitinde ýerleşýän Türk howpsuzlyk güýçlerine garşy aksiýalary gurnaýan toparyň düzüminde iş alyp barýardylar.

Ýene degişli makalalar

Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda 21 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
PKK/ÝPG-li 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär