Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Terrora garşy göreş hem ýurduň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär.

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky PKK/ÝPG-e agza terrorçylara garşy geçiriýän operasiýalaryny arakesmesiz ýagdaýda dowam etdirýändigi habar berildi.

Beýanatda Ýewfrat Galkany sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi Yragyň demirgazygyndaky gaçybatalgasyndan gaçan PKK-a agza 1 terrorçynyň hem Haburdaky serhet birikmesine baryp, boýun egendigi mälim edildi.

Beýanatda: "Terrorçylar üçin ýeke täk çykalga ýoly, Türk adalatyna boýun bolmakdyr" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda 21 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär