
Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde soňky 1 hepde-de terror guramalaryna garşy geçirlen operasiýada 57 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Zeki Aktürk, terror guramalaryna garşy alnyp barylýan göreş hakynda maglumat berdi.
Aktürk, Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde soňky 1 hepde-de terror guramalaryna garşy geçirlen operasiýada 57 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.
Zeki Aktürk “Şeýlelikde täze ýyldan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 278-e ýetdi. Geçen hepde PKK-ly 3 terrorçy hem howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi” diýdi.