Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guralan howa hüjüminde terrorçylara degişli 20 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Metina, Zap, Gara, Hakurk, Kandil we Asos sebitlerindäki terrorçylara garşy howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Howa hüjüminde terror guramasy tarapyndan ulanylýan gowaklardan, gaçybatalgalardan we ammarlardan ybarat 20 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

Beýannamada, operasiýada ýerli we milli ok-däriniň ulanylandygy bellenildi.

Beýannamada “Operasiýada asuda ilata, dost güýçlere, taryhy we medeni gymmatlyklara we daşky gurşawa zeper ýetirilmezligi üçin degişli çäreler görüldi” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Ali Ýerlikaýa "Gürz-12" operasiýasy barada maglumat berdi
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär