Soňky bir hepde-de serhetaşa operasiýalarda PKK-ly 28 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrligi terrora garşy alnyp barylýan göreş hakynda maglumat berdi.
2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 632-si Yragyň, 723-i Siriýanyň demirgazygynda bolmak bilen 1 müň 355 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Tokaýlary ýakan, sebitdäki halky galkan hökmünde ulanan, ilatly ýerlere partlaýjy maddalaryny goýan terrorçylar şol aksiýalary bilen Türk ýaragly güýçlerine töhmet atmaga we halkara jemgyýetçiligine ýalan maglumat bermäge çalyşýar. Emma maksadyna ýetip bilmez” diýildi.