Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Yragyň demirgazygynda guralan howa hüjüminde, ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ulanylýan 37 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, PKK/KJK we beýleki terrorçy toparlara agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, Yragyň demirgazygyndan halka we howpsuzlyk güýçlerine garşy guralýan terrorçylykly hüjümleriň öňüni almak we serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek etmek maksady bilen BMG şertnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda Metina, Gara, Hakurk, Kandil we Asos etrapçalarynda terrorçylara degişli ýerlere howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Beýannamada, howa hüjüminde ekstremist terror guramasy tarapyndan ulanylýan gowaklardan, gaçybatalgalardan we ammarlardan ybarat 37 ýeriň nyşana alynandygy we hatardan çykarlandygy bellenildi.

Beýannamada, ýerli we milli enjamlar bilen guralan howa hüjüminde köp sanly terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigine üns çekildi.

Ýene degişli makalalar

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär