“Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder”

“Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder”

Milli Howpsuzlyk gullugynyň maslahaty Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Maslahatyň jemleýji jarnamasynda Siriýa ornaşan terror guramalarynyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin anlyp barylýan göreşiň egilşiksiz dowam edýändigi nygtaldy.

Jarnamada milli howpsuzlyga zeper ýetirjek haýsydyr bir meýilnama ýada herekete rugsat berilmejekdigi nygtalyp, PKK/KJK-PÝD/ÝPG-niň başda durmagynda ähli terror guramalaryna garşy göreşiň dowam etjekdigi bellenildi.

Jarnamada “Ysraýylyň çaknyşyklary Ýakyn Gündogarda ýaýbaňlandyrmak maksady bilen guraýan hüjümleriniň öňüniň alynmagy üçin BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň başda durmagynda ähli guramalara gysga wagtda herekete geçmekleri üçin çagyryş berildi.

Jarnamada şeýle hem Ysraýylyň hyýanatçylykly hüjümlerine garşy Türkiýäniň halky we döwleti bilen doganlyk Liwanyň hökümetine we halkyna goldaw berýändigi nygtaldy.

BMG-nyň Baş sekretaryny islenmeýän adam hökmünde yglan edip ýurda girmegini gadagan eden Ysraýylyň bu tutumy berk ýazgaryldy

Ýene degişli makalalar

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär