Terror Guramasy PKK/ÝPG Ysraýyldan Kömek Sorady

Terror Guramasy PKK/ÝPG Ysraýyldan Kömek Sorady

Siriýada Baas ulgamynyň agdarylmagyndan soň, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Ysraýyldan kömek sorandygy nygtaldy.

“Iýerusalem Post” gazetinde berlen habarda, Asadyň agdarylmagyndan soň PKK/ÝPG-li terrorçylaryň Ysraýyla ýüz tutandygy, kömek sorandygy we goralmaklaryny talap edendigi bellenildi.

Habarda PKK/ÝPG-niň nähili ýagdaýda ýüz tutandygy we Ysraýylyň näme jogap berendigi barada bolsa maglumat berilmedi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Gideon Saar, düýn beren beýannamasynda, Siriýanyň Milli goşunynyň Manbije guran operasiýasynyň özlerini biynjalyk edendgini mälim edipdi.

Saar, esktremist terror guramasy PKK/ÝPG-a garşy alnyp barylýan operasiýalaryň bes edilmegini isläpdi.

Siriýada ýekşenbe güni 61 ýyllyk Baas ulgamy agdarlypdy, agdarlan lider Başar Asad hem ýurduny terk edipdi.

Ýene degişli makalalar

Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi Ankarada Geçirildi
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Şiraz Ömer Siriýada Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi