Terror Guramasý PKK/ÝPG-nyň Ýaranlarynyň Geçiren Aksiýasy Sebäpli Kazyýete Ýüz Tutuldy

Terror Guramasý PKK/ÝPG-nyň Ýaranlarynyň Geçiren Aksiýasy Sebäpli Kazyýete Ýüz Tutuldy

Prezident R. T. Erdoganyň aklawçylary, Şwesiýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň ýaranlarynyň geçiren aksiýasy sebäpli kazyýete ýüz tutdy.

Prezident Erdoganyň aklawçysy Hüseýin Aýdyn, Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň ýaranlarynyň Prezidenti nyşana alýan terror propagandasy hakynda beýannama berdi.

Hüseýin Aýdyn, Şwesiýada terror guramasynyň ýaranlarynyň meçew beriji aksiýasy sebäpli kazyýete ýüz tutandyklaryny mälim etdi.

Aýdyn, sosial mediadan beren habarnamasynda “Stokgolm şäherinde, terror guramasy PKK-nyň ýaranlary tarapyndan geçirlen ýörişlerde Prezidentimizi nyşana alýan we meçew beriji aksiýalary hakynda kazyýet işiniň gozgalmagy talaby bilen Ankaranyň ýokary kazyýete ýüz tutduk” diýdi.

Paýtagt Stokgolmda taryhy şäher häkimliginiň öňünde bir ýere jemlenşen terror guramasy PKK/ÝPG-niň ýaranlary, Prezident Erdogana meňzedilmäge çalşylan gurjagy binanyň öňündäki diňe asyp, onuň suratyny sosial mediada ýaýradypdy.

Terror guramasy PKK/ÝPG bilen arabaglanşykly sosial media hasaplaýynda ýaýradylan wideoda türk dilindäki subtitr bilen Türkiýä we Prezident Erdogana garşy hemle atylýandygy görülýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Geçiş Etabynda Siriýanyň Halkyna Goldaw Bereris”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Prezident Erdogan BAE-niň Döwlet baştutany bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy