Terror Guramasy Boko Haramyň Hüjümleri Sebäpli Nigeriýany Terk Edenler Yzyna Dolanýar

Terror Guramasy Boko Haramyň Hüjümleri Sebäpli Nigeriýany Terk Edenler Yzyna Dolanýar

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Boko Haramdan gaçan we goňşy ýurtlara giden 5 müň 704 adam öýüne dolandy.

Nigeriýanyň hökümetinden berlen beýannamada, harby goşunyň Borno welaýatynyň Martte sebitinde howpsyzygy ýola goýandygy nygtaldy.

Beýannamada, 6 ýyl ozal Boko Haramyň hüjümleri sebäpli sebitden gaçan we goňşy ýurtlar Kamerun bilen Nigere giden 5 müň 704 adamyň öýüne dolandygy bellenildi.

Beýannamada, öýüne dolananlaryň hökümet tarapyndan gurlan binalara ýerleşdirlendigi ýatladyldy.

Nigeriýada 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan Boko Haramyň, 2009-njy ýylda bäri guraýan terrorçylykly hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Terror guramasy 2015-nji ýyldan bäri goňşy ýurtlar Kamerunda, Çatda we Nigerde hem hüjümler guraýar.

Ýurtdaky terrorçylykly hüjümler we çaknyşyklar sebäpli ýüz müňlerçe adam ýurduny terk etdi.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Nigeriýada mina partlady
Nigeriýada Ýolagçy Awtobusy Nyşana Alyndy
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýada Zamun Alynan 99 Adam Boşadyldy
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýada Zamun Alynan 64 Çaga Bilen Zenan Boşadyldy