Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde işini tamamlaýan Teri Hakala sebit ýurtlaryna saparynyň çäklerinde Türkmenistana gelip gördi.
“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň anna güni habar bermegine görä, Teri Hakala Türkmenistan bilen işlemekden galan täsirleri we hyzmatdaşlygyň çäklerinde gazanylan möhüm sepgitler barada gürrüň berdi. Onuň bu sebitde 2021-nji ýylda işe başlan wagtyndan bäri, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ep-esli pugtalandy.
-Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky umumy gatnaşyklary berkitmegiň möhüm bölegi boldy. Döwlet Baştutanlarynyň birnäçe gezek geçiren duşuşyklary hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda möhüm waka boldy diýip, T.Hakala aýtdy. Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça borçnamalary kabul etmek ýaly ählumumy başlangyçlara işjeň gatnaşýar. Ýewropa Bileleşigi maksatnamalar we maliýeleşdirmek işi bilen bu tagallalary goldaýar.
Ol şeýle hem ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary berkitmek boýunça strategiýasynyň çäklerinde möhüm taslama bolan Hazarüsti ulag geçelgesiniň möhüm ähmiýeti barada hem gürrüň berdi.
Teri Hakalanyň bellemegine görä, “ÝB Merkezi Aziýa” bilelikdäki ýol kartanyň kabul edilmegi möhüm sepgit boldy.Ol ulag we sanly ulgamlaryň işini kämilleşdirmekden başlap, suw serişdeler we “ýaşyl” ykdysadyýet boýunça meseleleri çözmäge çenli birnäçe ugurlary özünde jemleýär.
Ol şeýle hem “Global Gateway” başlangyjynyň, hususan-da, ulag we energetika taslamalaryny ilerletmegi hem-de sebitiň arabaglanyşygyny has durnukly tarapa özgertmäge çalyşmagy dowam edýär.
Teri Hakala 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjy barada aýratyn durup geçdi. Onuň sözlerine görä, parahatçylyk döredijilik we gapma-garşylyklaryň öňüni almak ýörelgelerini berkitmekde möhüm ädim bolan bu waka ÝB-niň hem Türkmenistanyň hem daşary syýasatynyň esasyny düzýär.
-Türkmenistanyň alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasy durnukly parahatçylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Biz bu ýörelgelere esaslanýan halkara dolandyryşyny goldamagy dowam etmelidiris, diýip, T.Hakala sözüni jemledi.
Söhbetdeşliginiň ahyrynda T.Hakala netijeli hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmeginiň sebitiň durnukly öňe gitmegine we gülläp ösmegine şert döreder.
2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Teri Hakala Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm sepgitleri belläp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.