Türkiýeden geçen ýyl 3,4 milliard dollarlyk ter gök we miwe önümi eksport edildi.
Ortaýer deňizi ter gök we miwe önümleri eksportçylar bileleşiginiň başlygy Ferhat Gürüz beren ýazmaça beýannamasynda, geçen ýyl 4 million 193 müň tonna ter gök we miwe önüminiň eksport edilendigini nygtady.
Ferhat Gürüz “Geçen ýyl 476 million dollarlyk mandaryn, 427 million dollarlyk pomidor we 357 million dollarlyk limon eksport edildi” diýdi.
Eksport sanawynda Russiýa, Germaniýa we Ruminiýa esasy orun eýeledi.
Geçen ýyl Russiýa 872,3 million, Germaniýa 354 million we Ruminiýa hem 289 million dollarlyk ter gök we miwe önümi eksport edildi.