Asyrlarboýy köpçüligiň gyzyklanyp gelýän meşhur güýmenjesi bolan tennis naýbaşy sport görnüşleriniň biri hasaplanýar. Ýaşyl we gyzgylt meýdançada (kort) oýnalýan bu sport görnüşi, esasan hem, ýaşlaryň arasynda has ýörgünlidir.
Sport görnüşleriniň köpüsiniň özüne mahsus düzgünleri we oýun üçin niýetlenen esbaplary bar.Mysal üçin, futbol ýaşyl meýdançada, bäşburçluklardan düzülen alabeder top bilen oýnalýan bolsa, woleýbol üçin ýeňiljek sarymtyl-gök top we setkaly kiçiräk meýdança gerek. Çukurjykly meýdançada geçirilýän golf üçin kiçijik ak toplar we ujy egri taýajyk zerur bolsa, regbi üçin tutmaga amatly ýumurtga şekilindäki top gerek.
Tennisiň hem özboluşly şertleri bolup, oýun üçin raketka, tor çekilen meýdança we kiçijik sarymtyl-ýaşyl top gerek.Eýsem, tennisde näme üçin ak, gyzyl ýa-da gök däl-de, sarymtyl-ýaşyl toplar saýlandyka?!
Geliň, tennis topunyň aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň!
Tennis oýnalýan meýdança kort diýilýär.Kortuň tassyklanan uzynlygy 23,77 metr bolup, ini ýekelikdäki (2 oýunçy) oýunlar üçin 8,23 metre, jübütleýin (4 oýunçy) ýaryşlar üçin 10,97 metre deň. Çeýeligi we çaltlygy talap edýän bu oýunda reňkli we daşy sütükli kiçijik top raketka bilen urlup, tordan aňry geçirilýär.
Topy dürs urup bilmedik we tordan geçirip bilmedik oýunçy utuk ýitirip, topy tordan geçiren we dürs uran oýunçy ýeňiş gazanýar.
Tennis topy adatça 6,8 santimetr ululykda bolup, daşynda örtügi bar. Ýumşaklygyna garamazdan böküp bilýän bu top uzakdan seredeniňde ýaşyl görünýär. Ýakyndan göreniňde sarymtyl öwüşgin berýän tennis topunyň taryhy 1870-nji ýyllardan gözbaş alýar.
Angliýada dörän tennis ilkibaşda kriket meýdançasynda oýnalypdyr. Şol döwürlerde ak reňkli kiçijik toplar ulanylyp, 30 ýyldan soň sarymtyl-ýaşyl toplar oýlanyp tapylypdyr.Tennis topuny oýlap tapanlar iňlisler däl-de, nemesler hasaplanýar.
Halkara tennis federasiýasynyň düzgünlerine görä, tennis topunyň diametri, reňki we gurluşy ähli ýaryşlar üçin deň bolmaly.Tennis topunyň resmi taýdan yglan edilen reňki optiki sary diýilýän ýaşyla ýakyn reňkdir. 1972-nji ýylda ak toplaryň gidip-geliş ugrunyň tomaşaçylara görünmeýändigi sebäpli, dürli reňkli toplar hödürlenýär.
Ahyrsoňy optiki sary tennis topy üçin kesgitlenen reňk hökmünde kabul edilýär.Häzirki wagtda güýmenje maksady bilen geçirilýän tennis ýaryşlarynda dürli reňkli topjagazlar ulanylýan hem bolsa, professional ýaryşlar sarymtyl-ýaşyl topda geçirilýär.